Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi

  • 18.10.2025 10:10
  • 5.9k+

Samsung inçe we ýeňil Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Günorta Koreýanyň NewsPim neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa galan Galaxy S25 Edge smartfonlary satylandan soň önümçiligi bes eder.

Soňky modeliň satuwy garaşylandan gowşak boldy: awgusta çenli bary-ýogy 1,31 mln smartfon satyldy. Deňeşdirmek üçin, Galaxy S25-den 8,28 mln, S25+ smartfonyndan 5,05 mln, S25 Ultra-dan bolsa 12,18 mln birlik satyldy.
Kompaniýanyň ady getirilmeýän wekili seriýanyň dowam etdirilmeginiň şübhelidigini belledi.
Şeýle-de bolsa, Galaxy S26 Edge smartfonyny işläp taýýarlamak boýunça işler tamamlandy. Samsung-yň taýýar modeli başga brend bilen ulanmagy ýa-da ony käbir bazarlarda çäkli tiraž bilen çykarmagy hem mümkin.
Indi kompaniýa indiki nesliň üç flagmanyna – Galaxy S26 Pro, S26 Plus we S26 Ultra smartfonlaryna ünsi gönükdirýär. Olaryň tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda bolmagyna garaşylýar.


17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......