Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi

  • 17.10.2025 16:55
  • 3.7k+

Ýaponiýanyň Yamaha kompaniýasy üç tigirli Tricera ulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Täze modeliň esasy aýratynlygy — üç tigriniň ählisiniň hem dolandyrylmagyny üpjün edýän ulgamdyr. Prototip şu aýyň ahyrynda Tokioda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde ilkinji gezek görkeziler.

Tricera-nyň ilkinji nusgasy 2023-nji ýylda tanyşdyrylypdy, ýöne şol wagtdan bäri model ep-esli kämilleşdirildi. Indi ulagda amatly oturgyçlar, gorag dugalary, kiçi yza seredilýän aýnalar we goşa alyn aýnalary bar. Awtoulagyň dizaýny häzirki zaman Yamaha motosiklleri bilen meňzeş — tegelek faralar we kese ýerleşýän gündizki yşyklar ony aýratyn edýär.

Täzelenen prototip indi adaty ýollarda hereket etmäge taýyn ulag görnüşine eýe bolup, daşyndan önümçilik modeline çalym edýär. Şeýle-de bolsa, Yamaha häzirki wagtda Tricera-nyň önümçilige goýberiljekdigini entek tassyklamandyr. Trisikl doly elektriklidir, emma kompaniýa onuň güýç ulgamynyň tehniki aýratynlyklaryny häzirlikçe mälim etmeýär.
Yamaha bu sergä Tricera-dan başga-da birnäçe täze işläp taýýarlamalaryny getirer:

  • egrelmäge we şekilini üýtgetmäge ukyply iki tigirli Motoroid konsepti,
  • doly elektrikli Proto BEV baýky,
  • şeýle hem maýyplar üçin niýetlenen ýörite arabalary görkeziler.
düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......