Dünýäde şokolada bolan isleg kakaonyň arzanlamagyna garamazdan pese gaçýar

  • 16.10.2025 23:48
  • 3.3k+

Şokolad öndürijiler kakao noýbalary üçin bahanyň arzanlamagyna we çig malyň has arzan ösümlik ingredientleri bilen çalşylmagyna garamazdan, öz önümlerine bolan islegiň pese gaçandygyny hasaba aldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Hünärmenler muny köp şokolad kompaniýalarynyň häzirem iň ýokary bahalar bilen satyn alnan kakao ätiýaçlyklaryny ulanýandygy bilen baglanyşdyrýar. Netijede, 2025-nji ýylda kakao ýagy üçin baha 75% pese gaçandan soň, kakao noýbalaryny gaýtadan işlemek onuň ornuny tutujylary ulanmak bilen deňeşdirilende has amatsyz boldy.
Circana gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Demirgazyk Amerikada bir ýylda şokolad süýjüleriniň satuwy 21% azaldy.
Niderlandlaryň Rabobank kooperatiw bankynyň uly analitigi Juliýa Býuh pudagyň ýokary çykdajylar bilen “täze kada” girýändigini, munuň hem öndürijilerden üýtgeýän şertlere yzygiderli uýgunlaşmagy talap edýändigini belledi.
Bilermenleriň belleýşi ýaly, gymmat süýjülikler bilen kakaonyň ornuny tutujylary öz içine alýan has arzan önümleriň utgaşmasy dünýäde kakao noýbalary üçin islegiň uzak möhletleýin çaklamasynda näbellilik döredýär.

düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
2.9k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......