Jeep täzelenen Grand Wagoneer 2026 ulagyny hödürledi

  • 16.10.2025 23:07
  • 4k+

Jeep 2026-njy ýylyň Grand Wagoneer ulagyny hödürledi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulag nusgawy amerikan stilini döwrebap tehnologiýalar we gibrid ulgam bilen utgaşdyrýar.

Täze nesil Wagoneer bilen Grand Wagoneer modellerini düýbünden täze dizaýna we giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan bir awtomobile birleşdirýär.
Ulagyň daşky görnüşi Wagoneer S elektromobilinden ylham aldy. Onuň ýedi zolakly yşyklandyrylýan radiator gözenegi inçe faralar bilen üznüksiz birleşýär, bamperiň aşagy bölegi uly howa ýygnaýjysyna we T şekilli gündizki çyralara eýe boldy. Wersiýa baglylykda 18-den 22 dýuýma çenli tigir diskleri hödürlenýär. Wagoneer ýazgysynyň deregine indi Jeep logotipi ulanylýar.
Salonda öňki elementler saklandy, ýöne Uconnect 5 multimedia ulgamynyň 12 dýuýmlyk ekrany we kämilleşdirilen proýeksiýa displeýi goşuldy.
Esasy wersiýa 420 at güýjüni we 635 Nm aýlanma güýjüni berýän goşa turbinaly 3,0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylýar.
Esasy täzelik Grand Wagoneer REEV (Range Extended Electric Vehicle) gibrid wersiýasy bolar. Ol 92 kWt/sag sygymly akkumulýatory we Pentastar V6 benzin hereketlendirijisini alar. Umumy kuwwat 647 at güýjüne, aýlanma güýji 840 Nm ýetýär. Ýol ätiýajy bolsa 805 km-den geçýär. 96 km/sag çenli tizligi artdyrma bäş sekunt töweregi wagt alýar.
Täze Grand Wagoneer-iň önümçiligi 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar, gibrid wersiýa biraz giç çykar.

düýn 23:24
773

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
525

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......