Casio titan korpus we ýakut halka bilen täze Oceanus Manta sagatlaryny çykardy

  • 16.10.2025 09:25
  • 3.5k+

Casio iki sany täze Oceanus Manta sagat modelini hödürledi: takmynan, 2000 dollardan adaty OCW-S7000CN-1AJF we 4500 dollardan çäkli OCW-SG1000CN-1AJR.

Modelleriň ikisi-de ýakut aýnadan bezele eýe boldy, korpus we kemer bolsa gara DLC örtügi bilen titandan ýasaldy.
OCW-S7000CN-1AJF modeliniň bezeli “Müň çyzyk” nagşy bilen bezeldi. Korpusyň ölçegi – 47,5 x 42,8 x 9,8 mm, agramy – 81 g. Sagat smartfonlara birikmek üçin Bluetooth bilen üpjün edildi, 27 şäher üçin dünýä wagtyny görkezýär, sekundomer, doly awtomatik senenama we energiýa tygşytlaýyş režimi bar. Suwdan gorag – 10 ATM çenli. Ýakut aýnasy ikitaraplaýyn şöhlä garşy örtüge eýe boldy, sagat dilleri we indeksler bolsa garaňkyda has gowy görünmegi üçin Neobrite bilen örtüldi.
Çäkli wersiýa OCW-SG1000CN-1AJR 600 nusgada çykarylar. Onuň bezeli 24 gyraňly we gara-kümüşsöw gradient bilen “Sendziku” nagşyny aldy. Siferblat relýef tekstura bilen metaldan taýýarlandy, yzky gapagy Aýyň şekili bilen bezeldi. Ölçeg we funksiýalar adaty modeliňki bilen deňdir.
Iki modeliň hem satuwy 2025-nji ýylyň noýabrynda başlar. 

şu gün 22:32
13

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

şu gün 22:30
47

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

şu gün 22:13
267

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
138

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......