Ford ilkinji gezek şahsy kolleksiýasyndan awtomobil satar

  • 16.10.2025 09:20
  • 2.6k+

Ford Motor kompaniýasy taryhynda ilkinji gezek öz kolleksiýasyndaky awtomobilleriň birini satmak kararyna geldi. 18-nji oktýabrda geçiriljek Barrett-Jackson auksionyna 2006-njy ýylyň 3-nji belgili Ford GT Heritage Edition modeli çykarylar.

Awtomobil ätiýaçlyk bahasy bolmazdan satylar. Bu onuň iň ýokary mukdary hödürlän müşderä beriljekdigini aňladýar.
Awtoulag köpçülik üçin çykarylan iň irki Heritage nusgasydyr, şonuň üçin oňa gyzyklanmanyň ýokary bolmagyna garaşylýar.
Kompaniýanyň belleýşi ýaly, alnan serişdeler Ford Heritage Fleet kolleksiýasyndaky beýleki awtomobilleri dikeltmäge we hyzmat etmäge, şeýle-de Beýik Britaniýada GT ýaryş kolleksiýasyny indiki ýyl “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmak üçin taýýarlamaga gönükdiriler.
Häzir Ford Heritage Fleet kolleksiýasynda 500 töweregi awtomobil bolup, olardan 175-isi kompaniýanyň Miçigan-awenýudaky ştab-kwartirasynyň uly garažynda saklanýar. 


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....