Toyota 2025-nji ýylda çykan 50 müňden gowrak Sienna ulagyny yzyna gaýtarýar

  • 15.10.2025 15:32
  • 12k+

Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen Sienna Hybrid awtoulaglaryny meýletin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Öndüriji ikinji hataryň oturgyçlarynyň relsleri bilen baglanyşykly mümkin bolan meseläni ýüze çykardy, diýip Carscoops ýazýar.

Şu tomus içerki synagda prototip oturgyçlaryň käbirinde kebşirlenişiň kompaniýanyň standartlaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykaryldy. Bu kemçilik Kentukki ştatynyň Harrodsburg şäherindäki Toyota Boshoku Kentukki zawodynda kebşirleýiş apparatynyň kalibrlenmegi bilen baglanyşyklydy. Netijede, relslerdeki kebşirleniş doly däl bolup, pugtalygy peselýär we heläkçilik ýüze çykanda howpsuzlyga täsir edip biler.
Toyota meseläniň federal howpsuzlyk standartlaryna garşy gelmeýändigini, şu wagta çenli hiç hili şikes almanyň ýa-da şikaýatyň hasaba alynmandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýa ulaglary meýletin yzyna çagyrmak kararyna geldi: dilerler 2025-nji ýylyň dekabryndan başlap näsaz relsleri mugt çalşyp bererler.
Yza çagyryş diňe 2025-nji ýylyň gibrid Sienna ulaglaryna degişli bolup, beýleki Toyota ýa-da Lexus modellerine degişli däl.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......