Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyry: Türkmenistan Şri-Lankadan üstün çykdy

  • 15.10.2025 12:35
  • 8.8k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde “D” toparçada Şri-Lankanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirilip, hasap 2:1 boldy.

Duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Elman Tagaýew (52-nji minut) bilen Mekan Saparow (57-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiň ýygyndy toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde, gazanan wajyp ýeňşinden soň 9 utuk toplan ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýurdumyzyň ýygyndy topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär.
6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy 3-nji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa 4-nji orunda ýerleşdiler.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary indiki duşuşygyny 18-nji noýabrda geçirip, öz meýdanynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder.
Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......