Toyota täze superkarynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň ýanwaryna süýşürdi

  • 15.10.2025 11:23
  • 2.5k+

Meşhur Lexus LFA modeliniň yzyny dowam etdirmeli täze superkaryň premýerasy şu ýyl däl-de, 2026-njy ýylda bolar. Ozal model ýakyn hepdelerde – oktýabryň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde hödürlener diýlip garaşylypdy. Ýöne konserniň ýolbaşçysy Akio Toýodanyň beýanyna salgylanyp, CarBuzz-yň habar bermegine görä, kompaniýa onuň görkezilişini yza süýşürmek kararyna geldi.

Toýoda munuň birnäçe sebäp bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Ýöne hünärmenler Toyota-nyň beýleki täze modellerinden ünsi sowmak islemändigini çaklaýar. Indi premýeranyň täze senesi ýanwar aýyna bellendi – awtomobil ilkinji gezek Tokyo Auto Salon sergisinde görkeziler.
Konserniň ýolbaşçysy superkaryň haýsy brend bilen çykjakdygyny aýtmady. Tomusda ýaşyrylan prototipler Gudwuddaky Tizlik festiwalynda Toyota-nyň adyndan görkezilipdi, awgustda bolsa Lexus ABŞ-da dizaýnynda LFA-nyň käbir aýratynlyklary bolan konsept-kary hödürledi.
Täze ulagyň tehniki tarapy barada maglumat ýok. CarBuzz-yň maglumatlaryna görä, superkar elektrik güýçlendirijisi bilen sekiz silindrli hereketlendirijä eýe bolup biler.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......