Dünýäde iň köp satylan ulag Corolla bolmasa-da, ýene-de Toyota boldy

  • 13.10.2025 10:21
  • 17k+

Focus2move analitik portaly tarapyndan 162 ýurtdan ýygnalan maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda dünýäde iň köp satylan awtoulag Toyota RAV4 boldy. Krossoweriň satuwy 1,1% ýokarlandy, bu hem täze nesliň yglan edilmegine garamazdan, modeliň iki orun ýokary galmagyna mümkinçilik berdi.

RAV4-den soňra ähli döwürleriň iň köp satylan awtoulagy hökmünde tanalýan Toyota Corolla gelýär. Onuň satuwy 8,8% azaldy, ýöne şonda-da üçünji ýerden ikinji orna çykmagy başardy. Ilkinji üçlügi bolsa Ford F-Series 12,2% ösüş bilen jemledi.
Ilkinji onlukda şeýle hem şu modeller bar:
Tesla Model Y (–11,3%), Honda CR-V (+1%), Chevrolet Silverado (+6%), Toyota Camry (+11,8%), Hyundai Tucson (+3,2%), Toyota Hilux (+0,8%) we Kia Sportage (–0,6%).

Hytaýyň Geely Xingyuan modeli aýratyn ünsi çekdi — ol birbada 2181 orun ýokary galyp, 114-nji ýeri eýeledi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu ösüş Hytaý awtoulag senagatynyň çalt depginde ösýändigini görkezýän ýylyň iň täsirli netijeleriniň biri boldy.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....