Ýaponiýada geljegiň ýüzýän şäheriniň – Dogeniň konsepsiýasy görkezildi

  • 13.10.2025 10:07
  • 14k+

2023-nji ýylyň tomsunda N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen ady bilen ýüzýän şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Indi bu taslama barada giňişleýin maglumatlar peýda boldy diýip, New Atlas ýazýar.

Ýokardan seredeniňde şäher içinde dürli desgalar bolan 4 km diametrli tegelek ýaly görner. Bu tegelek şekil tötänleýin saýlanmady: binagärler ol şähere sunami ýaly ýowuz howa şertlerine garşy durmaga kömek eder diýip hasaplaýar.
Taslama şertli ýagdaýda üç zolaga bölünýär:

  1. Ýaşalýan halka – esasy ýaşaýyş zolagy;
  2. Suwasty maglumat merkezi – deňiz bilen tebigy ýagdaýda sowadylar, onda şäheri dolandyryş merkezleri, şeýle-de lukmançylyk gözleg barlaghanalary ýerleşer;
  3. Ýüzýän adalar – halkalaýyn gurluş bilen döredilen emeli aýlagyň içinde ýerleşer.

Dogende 10 000 hemişelik ýaşaýjy we 30 000 syýahatçy üçin zerur infrastrukturany döretmek meýilleşdirilýär: mekdepler, ofisler, hassahanalar, myhmanhanalar, sport meýdançalary, seýilgähler, stadionlar we hatda raketalar üçin uçuş-gonuş meýdançasy.
N-Ark kompaniýasy şäher ýaşaýjylary tarapyndan ýylda, takmynan, 2 mln litr suwuň, tas 7000 tonna azyk önümleriniň we 22 265 000 kWt elektrik energiýasynyň sarp ediljekdigini hasaplady.
Şäheriň gurluşygyna 2030-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär, ýöne onuň ýerleşjek ýeri entek kesgitlenmedi. 


şu gün 22:13
267

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......