Hyundai ýangyn howpy sebäpli 135 müň sany Santa Fe ulagyny yzyna gaýtarýar

  • 13.10.2025 09:35
  • 3.8k+

Hyundai kompaniýasy heläkçilik ýüze çykanda ýangyn döremek howpunyň bolmagy sebäpli 135 386 sany Santa Fe krossowerini — şol sanda täze modelleri hem — yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş Milli gullugynyň (NHTSA) habaryna görä, käbir ulaglarda starter nädogry gurnalan bolmagy mümkin.
Ýol heläkçiligi ýagdaýlarynda starteriň klemmasy hereketlendirijiniň bölüminiň beýleki metal böleklerine galtaşyp, gysga utgaşma döredip we ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Bu ýagdaý ýolagçylaryň şikes almak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Bu mesele barada ilkinji gezek düzgünleşdiriji tarapyndan Santa Fe modeliniň howpsuzlyk synagy wagtynda habar berildi. Soňra Hyundai öz içki derňewini geçirip, goşmaça synaglaryň netijesinde kemçiligiň ulaglaryň takmynan 1%-inde ýüze çykýandygyny we dogry gurnalan starteriň howp döredmeýändigini anyklady. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, ýangyn bilen bagly wakalar entek hasaba alynmady.
Yza çagyryş, esasan, Hyundai-yň Alabama zawodynda öndürilen, 2,5 litrlik turbo hereketlendirijili 2024 we 2025-nji ýylyň Santa Fe modellerine degişli.
Mundan öň, sentýabr aýynyň ortalarynda, kompaniýa Palisade krossowerleriniň ýarym milliondan gowragyny howpsuzlyk kemerlerindäki näsazlyk sebäpli yzyna çagyrandygyny hem habar beripdi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....