Aston Martin DB12 S — DB12 hatarynyň iň kuwwatly wersiýasy tanyşdyryldy

  • 12.10.2025 22:56
  • 1.4k+

Aston Martin täze DB12 S flagman modelini hödürlemek bilen DB12 grand-turerleriniň hataryny giňeltdi. Täze model kupe we kabriolet görnüşlerinde elýeterlidir.

Ulag täzeden sazlanan podweskany we güýçlendirilen 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini aldy. Täze hereketlendirijiniň öndürijiligi 700 at güýjüne we 800 Nm torka deň. Täzeden sazlanan geçiriş ulgamy indi öňküsinden 50% çalt işleýär, bu bolsa ulagyň 3,4 sekuntda 60 mil/sagat (96 km/sagat) tizlige ýetmegine mümkinçilik berýär — ýagny adaty DB12-den 0,1 sekunt çaltrak. Aňrybaş tizligi 322 km/sagat. Şeýle hem, gaz pedalyna has duýgur jogap bermegi üçin akseleratoryň sazlamalary üýtgedildi.
Ulagyň ýöriteleşdirilen hereket bölegi täze Bilstein DTX amortizatorlaryny, berk stabilizatorlary we karbon-keramiki tormozlary öz içine alýar. Bu ulgam polat diskler bilen deňeşdirilende 27 kg ýeňillik berýär. Şeýle hem, goşmaça opsiýa hökmünde titan gaz çykaryjy ulgam saýlansa, ulagyň agramy ýene 11,7 kg azalýar.
Aerodinamikasy hem kämilleşdirildi: öňde iki bölekli splitter, kapotda howa çykaryjylar, bosagalarda etek bezegleri, yzda bolsa täze diffuzor we berkidilen spoýler peýda boldy.
Salon görnüşi hem täze tapawutlar bilen: has gowy gapdal goldawly täze oturgyçlar, gyzyl bezeg äheňleri we ýokary derejeli materiallar peýda boldy. Goşmaça opsiýa hökmünde adaty oturgyçlary karbondan taýýarlanan sport oturgyçlara çalşyp bolýar.
Täze Aston Martin DB12 S üçin sargytlar eýýäm açyk, ilkinji eltip bermeler bolsa indiki ýylyň birinji çärýeginde başlanar.

düýn 12:20
2.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......