Toyota Fortuner wnedorožniginiň täze “Leader Edition 2025” görnüşini hödürledi

  • 12.10.2025 22:46
  • 5.3k+

Toyota kompaniýasy ramaly Fortuner wnedorožniginiň täze ýörite görnüşi — Leader Edition 2025-i tanyşdyrdy. Täze modifikasiýa täzelenen dizaýny we kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ulag üçin sargytlar oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda kabul edilip başlanar.

Aziýada meşhur bolan bu model dört reňkde çykarylýar: Pearl White, Attitude Black, şeýle hem Silver we Superior White.
Daşky görnüşinde Leader Edition üýtgedilen radiator gözenegi, öňki splitter, yzky spoýler we hromlanan bezeg nakladkalary bilen tanalýar. Topluma ýalpyldawuk gara reňkli ýeňil garyndy tekerler hem-de kontrastly gara üçek görnüşi girýär.
Salon iki reňkde — gara ýa-da goňur görnüşde hödürlenýär. Enjamlarynyň hatarynda awtomatiki eplenýän aýnalar, bosagalaryň yşyklandyrylan gapy esbaplary, teker basyşyna gözegçilik ulgamy we beýleki häzirki zaman funksiýalar bar.
Kapotyň aşagynda 201 at güýjüni we 500 Nm tork öndürýän 2,8 litrlik VGT turbodizel hereketlendirijisi galar. Oňa alty basgançakly mehaniki ýa-da alty diapazonly awtomatiki geçiriş gutusy goşulýar.
Täze Fortuner Leader Edition diňe yzky tekerleri hereketlendirýän (4x2) görnüşde elýeterli bolar.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......