Telegram täzelendi: jaň wagty ýazyşmak, täze profil funksiýalary we “suwuk aýna”

  • 12.10.2025 11:11
  • 3.4k+

Telegram messenjeri uly täzelenme çykardy. Indi toparlaýyn jaň wagty beýleki gatnaşyjylar bilen ýazyşyp bolýar – habarlar we emojiler, söhbeti bölmezden, gysga wagtlyk her kimiň ekranynda görünýär. Eger tekstsiz bir emoji iberilse, ol hereket edýän görnüşe öwrülýär. Bu aýratynlyk 1 müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilýän toparlaýyn jaň wagty işleýär.

iOS 26 üçin wersiýada Liquid Glass (suwuk aýna) stilinde dizaýn peýda boldy. Nawigasiýanyň aşaky paneli, klawiatura, stiker paneli we menýu ýaly interfeýs elementleri ýarym dury we has häzirkizaman stilinde boldy.
Telegram kontaktlar bilen işlemek üçin hem täze mümkinçilikleri goşdy. Ulanyjylar indi diňe özüne görünýän kontaktlar barada bellik edip, profil suratyny üýtgedip, doglan senesini goşmagy teklip edip biler. Premium ulanyjylar üçin fon we sowgat şekillerini ulanmak bilen profili bezemek, sowgatlaryň kolleksiýa görnüşlerini dolandyrmak we sowgatlary blokçeýne geçirmek mümkinçiligi peýda boldy.
EA botlaryny işläp düzüjiler üçin hem üýtgeşmeler bar. Indi bot bilen söhbetdeşligi mowzuk boýunça alyp barmak bolýar, jogaplar hakyky wagtda peýda bolýar, botlar bolsa ulanyjylara tölegli ýazylyşyklary we goşmaça funksiýalary teklip edip bilýär.
Şeýle-de, Telegram teklipler we ýalňyşlyklar barada nägilelikler üçin mini-programma hödürledi. Ozal munuň üçin aýratyn saýta geçmelidi, indi bolsa teklibi ýa-da ýalňyşlyk baradaky habary Telegram Ideas platformasy arkaly göni programmada iberip bolýar. 


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...