Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

  • 11.10.2025 17:47
  • 6k+

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi.

Onda üç awtomobil görkezilýär: 1967-nji ýylyň nusgawy Toyota 2000GT ulagy, 2010-njy ýylyň Lexus LFA superkary we Gazoo Racing (GR) bölümçesiniň nyşany bilen näbelli model. Ähli suratlar bir burçdan düşürilipdir, şonuň üçin faralaryň, öňdäki bamberiň bir bölegini we GR nyşanyny görüp bolýar.
Deslapky maglumatlara görä, täze ulag alýumin şassä, uglerod süýüminden kuzowa we iki turbinaly 4,0 litrlik V8 bilen elektrik hereketlendirijilerini birleşdirýän gibrid güýç enjamyna eýe bolar. Superkaryň 13-nji oktýabrda resmi taýdan görkezilmegine, köpçülikleýin görkezişiň bolsa aýyň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde bolmagyna garaşylýar.
Toyota entek modeliň adyny aýtmady, ýöne bannerde ýerleşdirilen Soul Lives On (“Ruh ýaşamagyny dowam etdirýär”) şygary 2000GT we LFA modelleri bilen baglanyşyga yşarat edip biler. Resmi däl maglumatlara görä, täze superkar GR bölümçesiniň ilkinji doly özbaşdak ulagy bolup, ýol we ýaryş wersiýasyna eýe bolar.
Ozal Toyota bu modeliň ýaşyrylan prototipini Gudwuddaky Tizlik festiwalyna getiripdi. Superkaryň premýerasyndan başga-da, kompaniýa 13-nji oktýabrda Century subbrendiniň täze taslamalary we Daihatsu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyry barada yglan edip biler. 


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......