FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

  • 11.10.2025 16:55
  • 7.1k+

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär. “Ýewropanyň käbir ýurtlarynda iýul diýseň yssy bolýar. Futbol üçin iň gowy aý – iýun – Ýewropada asla ulanylmaýar diýen ýaly” – diýip, The Guardian onuň sözlerini getirýär.
Infantino oktýabr we mart aýlaryny “islendik ýerde oýnap boljak ählumumy aýlar” diýip atlandyrdy.
2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny Saud Arabystany aldy we ol ýerde ýaryş, ähtimal, gyşda geçiriler. Tomsuna ýurtda temperatura +52 °C-a ýetýär. Şeýle çözgüt 2022-nji ýylda-da kabul edilipdi, şonda yssy howa sebäpli Katardaky çempionat noýabr – dekabr aýlaryna süýşürildi. Ýöne 2034-nji ýylda bu aýlara Remezan aýy gabat gelýär, şonuň üçin ýaryş 2035-nji ýylyň ýanwaryna süýşürilip bilner diýip, The Athletic habar berýär.
Öňümizdäki çempionat 2026-njy ýylda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......