Realme 15 Pro “Tagtlaryň oýnunyň” stilinde dizaýna we toplumda Demir tagta eýe boldy

  • 11.10.2025 14:00
  • 5.1k+

Realme kompaniýasy 15 Pro smartfonynyň “Tagtlaryň oýny” serialyna bagyşlanan aýratyn wersiýasyny çykardy. Ol üýtgeşik dizaýny, tematik gaplamasy we goşmaça aksessuarlar bilen tapawutlanýar. Smartfondan jemi 5000 nusga çykarylar.

Smartfonyň yzky paneli Targarienleriň nyşany bilen gara wegan derisinden ýasaldy. 44 gradusdan ýokary temperaturada ol reňkini garadan goýy gyzyla üýtgedýär.
Kameralar altyn öwüşginler we serialdan dürli öýleriň nyşanlary bilen bezeldi.
Smartfon kitap ýaly açylýan agaç gutuda satylýar. Onuň içinde Demir tagt görnüşinde kiçijik telefon goýulýan hem bar.
Şeýle-de, topluma silikon daşlyk, ýelmentgiler, otkrytkalar, ýagtylyk düşende görünýän hat we “Patyşanyň eli” temençesiniň şekilinde SIM-karty çykarmak üçin açar girýär.
Telefonyň interfeýsi doly seriala görä sazlandy: tematiki oboýlar, nyşanjyklar hem-de “Patyşalyk Gawany” we “Winterfell” kamera süzgüçleri bar. AI Party Mode funksiýasy we AI Edit Genie redaktory suratlary ses buýruklarynyň kömegi bilen redaktirlemäge mümkinçilik berýär: suratyň hilini ýokarlandyrmak, kadryň mazmunyny, reňk temperaturasyny üýtgetmek, suratdaky obýektleri bozmak, goşmak ýa-da göçürmek bolýar. Smartfon rus dilini goldaýar.
Realme 15 Pro Game of Thrones Limited Edition 12 GB operatiw we 512 GB içki ýada eýe boldy. Smartfon 7000 mA/sag akkumulýator, optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp Sony IMX896 kamerasy we Snapdragon 7 Gen 4 prosessory bilen üpjün edildi.
Şeýle smartfonyň bahasy ₹44 999 (takmynan, $510). Ony eýýäm häzir Realme-niň resmi saýtynda satyn alyp bolýar. 

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......