Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin diskwalifikasiýa edildi

  • 10.10.2025 17:06
  • 22k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor antidoping düzgünlerini bozandygy üçin 18 aý söweşlerden çetleşdirildi. Bu barada Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) saýtynda habar berilýär.

Geçen ýyl Makgregor üç gezek – 2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda, 19-njy we 20-nji sentýabrynda hökmany biologik nusgalary tabşyrmady. Antidoping edarasy (CSAD) muny türgeniň ýerleşýän ýeri barada maglumat bermek düzgünlerini bozmagy diýip hasaplady.
Gurama öňünden habar bermezden barlag geçirer ýaly, söweşijileriň hemişe ýerleşýän ýerini aýtmalydygyny belledi.
Çözgüt çykarylanda bu döwürde Makgregoryň şikesden soň dikelýändigi we söweşe taýýarlanýandygy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de, onuň jogapkärçiligi boýun alyp, derňewde hyzmatdaşlyk etmegi hasaba alyndy. Şonuň netijesinde jeza möhleti alty aý azaldyldy.
Diskwalifikasiýa 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda başlady we indi 2026-njy ýylyň 20-nji martyna çenli dowam eder. Diýmek, söweşiji ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan yglan edilen Ak tamdaky söweşi sypdyrmaz. Ol 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda, amerikan lideriniň doglan güni geçiriler. Şol bir wagtyň özünde söweşe kimleriň gatnaşjakdygy entek belli däl. Makgregor söweşe isleg bildiren köp sanly söweşijileriň biri boldy.
37 ýaşly Makgregor ozal ýarym ýeňil we ýeňil agram derejelerinde UFC-niň çempionlyk guşaklaryna eýeçilik etdi. Onuň hasabynda 28 söweş bolup, olardan 22-sinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek irlandiýaly söweşiji oktagona 2021-nji ýyla çykdy, şonda amerikaly Dastin Porýeden ýeňildi. 


18.06.2026 22:41
7.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......