Mercedes-Benz bäş ýyldan soň premium nauşnikleriniň täze neslini taýýarlap başlady

  • 10.10.2025 13:43
  • 2.5k+

Mercedes-Benz ilkinji modeli çykan­dan bäş ýyl soň, täze Wireless Headphone 2 atly simsiz nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar. Gizmochina portalynyň habar bermegine görä, MB WHP 2 model belgili enjam ýakynda BAE-de TDRA sertifikatyny aldy.

Täze nauşnikler 2020-nji ýylda çykarylan ilkinji modeliň mirasdüşeri bolar. Birinji nesil Bluetooth 5.0 tehnologiýasyny, 3,5 mm-lik simli birikme rozetkasyny, sensor dolandyryşy, gurlan mikrofony we 3D ses goldawyny hödürläpdi. Ol bir zarýadda 18 sagada çenli işläp bilýärdi.
Täzelenen wersiýada gowulaşan dinamika, işjeň galmagal basyjy (Active Noise Cancellation) we beýleki häzirki zaman mümkinçilikleriniň bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, enjamyň jikme-jik häsiýetnamalary entek resmi taýdan açylmady.


düýn 12:20
2.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....