Alymlar gadymy adamlaryň iýmitini anykladylar: olar Buz eýýamynyň äpetleri bilen iýmitlenipdirler

  • 10.10.2025 13:28
  • 12k+

Günorta Amerikada geçirilen täze barlag gadymy adamlaryň esasy iýmit çeşmesiniň äpet leniwesler we sowutlylar bolandygyny görkezdi. Ozal alymlar bu haýwanlaryň ýitip gitmeginde adamlaryň täsiriniň ikinji derejeli bolup, esasy sebäbi howanyň üýtgemegi bilen baglydyr diýip hasaplaýardylar.

Arheologlar Argentinada, Çilide we Urugwaýda ýerleşýän 20 ýadygärlikde tapylan galyndylary seljerdiler. Tapyndylar megafaunanyň entek giňden ýaýran döwrüne — takmynan 11 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli. Alymlar dürli haýwanlaryň süňklerini sanap, olaryň üstündäki gassaplyk yzlaryny öwrenipdirler.

Netijede, 20 ýadygärligiň 15-sinde äpet haýwanlaryň galyndylary ähli tapyndylaryň 80%-den gowragyny düzýändigi ýüze çykaryldy. Patagoniýada adamlaryň esasy awy Mylodon darwinii diýilýän leniwes, Pampa sebitinde Megatherium americanum, Çiliniň merkezi böleginde bolsa Notiomastodon platensis bolupdyr.
Ýyrtyjylaryň energiýa gymmatlylygyny seljermesi bu ägirtleri awlamagyň tötänlik däl-de, diri galmak üçin maksada laýyk strategiýa bolandygyny tassyklady. Takmynan 11 600 ýyl mundan ozal megafaunanyň ýitip gitmegi bilen adamlar ownuk haýwanlary awlamaga geçipdirler.
Barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......