Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

  • 07.10.2025 13:16
  • 6.4k+

Özbegistanyň futbol assosiasiýasy Fabio Kannawaronyň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Italiýaly hünärmen bilen şertnamanyň möhleti aýdylmaýar.

Kannawaro bu wezipede topary taryhy üstünlige – ABŞ-da, Kanadada, Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ahyrky tapgyryna elten Timur Kapadzeni çalyşdy.
Kannawaronyň tälimçiler ştabyna baş tälimçiniň kömekçisi Euženio Albarella, fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi Troize Françesko we derwezebanlaryň tälimçisi Antonio Kimenti girdi.
52 ýaşly Kannawaro Italiýanyň “Udineze” we “Benewento” toparlaryna, saud “Al-Nasryna” we Hytaýyň “Guanžou” we “Týanszin” klublaryna tälimçilik etdi. Onuň soňky iş ýeri Zagrebiň “Dinamosy” boldy.
Oýunçy hökmünde Kannawaro 2006-njy ýylda Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy we France Football tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde “Altyn topy” aldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......