Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

  • 06.10.2025 17:50
  • 6.6k+

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar.

Wersiýanyň esasy aýratynlygy 360 mm ýokary galyp, giňişligi ulaldýan aýna üçek boldy. Öňdäki oturgyçlary bir düwmäniň kömegi bilen ýatyryp bolýar, ikinji hatar ýygnalanda bolsa salon giň ýatylýan ýere öwrülýär. Rahatlyk üçin firma düşekçesi-de göz öňünde tutuldy.
Bagaž ýeriniň gapysynyň içki tarapynda Ford tarapyndan “dag aşhanasy” diýlip atlandyrylýan modul oturdyldy: ol açylyp-ýygnalýan stoldan, pyçak we aşhana enjamlary üçin magnit saklaýjydan, birnäçe bulgur saklaýjysyndan we çüýşe açgyjyndan ybarat.
Deslapky sargytda 140 dollar möçberde töleg edýän alyjylar Basecamp toplumyny mugt alar. Onuň adaty bahasy, takmynan, 1685 dollara barabar. Ulagyň özi 42 – 56 müň dollar aralygynda hödürlenýär.
Hytaý Bronco-sy Jiangling Ford kärhanasy bilen bilelikde döredildi we global wersiýadan ep-esli tapawutlanýar. 


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....