Samsung oktýabrda garyşyk hakykat garniturasyny hödürlemäge taýýarlanýar

  • 06.10.2025 17:53
  • 2.5k+

Samsung eýýäm geljek hepdelerde Android XR operasion ulgamynyň esasynda özüniň ilkinji garyşyk hakykat şlemini hödürlemäge taýýarlanýar. Project Moohan şertli atly gurluş 22-nji oktýabrda görkezilip bilner diýip, 9to5Google habar berýär.

Garnituranyň aýratynlyklary we takyk agramy entek belli däl, ýöne Samsung Electronics-iň wekilleri enjamyň esasy artykmaçlyklarynyň arasynda – ýeňildigini, dakmak üçin rahatdygyny we garnitura bilen işlemegi ýönekeýleşdirjek ses dolandyryşynyň bolmagyny belleýär.
MR gurluşy bir hepde ir hem görkezilip bilner, deslapky sargytlaryň bolsa 15-nji oktýabda açylmagy mümkin. Täze enjamyň bahasy, habar berlişi ýaly, Apple-iň garniturasyndan arzan – 1800 dollar töweregi bolar. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylky Apple Vision Pro-nyň bahasy 3500 dollardy, agramy bolsa, takmynan, 600 gramdy. Ol 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde wirtual hakykat enjamlarynyň dünýä bazarynyň bary-ýogy 2%-ini eýeläp, ulanyjylaryň arasynda üstünlik gazanyp bilmedi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...