Rassell Singapuryň Gran-prisinde “Mersedese” ýeňiş getirdi

  • 06.10.2025 17:25
  • 1.5k+

“Mersedes” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Singapuryň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş şäher ýolunda geçirildi.

Rassell üçin bu ýeňiş häzirki möwsümde ikinji we karýerasynda bäşinji boldy. Ikinji orny “Red Bull-dan” häzirki dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen eýeledi, üçünji bolup pellehana “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris geldi.
Norrisiň topardaşy we möwsümiň öňdebaryjysy Oskar Piastri ýaryşy dördünji orunda tamamlady. Toparyň iki sürüjisiniň görkezen netijeleri bilen “Maklaren” topary möhletinden ir Konstruktorlaryň kubogyny gazandy.
Iň gowularyň ilkinji onlugyna şular hem girdi: 5. Andrea Kimi Antonelli (Italiýa, “Mersedes”), 6. Şarl Lekler (Monako, “Ferrari”), 7. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa, “Ferrari”), 8. Fernando Alonso (Ispaniýa, “Aston Martin”), 9. Oliwer Berman (Beýik Britaniýa, “Haas”), 10. Karlos Saýns (Ispaniýa, “Uilýams”).
Çempionatyň indiki tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi 17-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Ostinde geçiriler. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
19k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....