Toyota 400 müň töweregi Tundra, Tacoma we Sequoia ulaglaryny yzyna gaýtarýar

  • 05.10.2025 17:00
  • 6.1k+

Toyota ABŞ-da 400 müň töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyryş kampaniýasy Tundra pikaplaryna we olaryň gibrid görnüşlerine, 2023–2025-nji model ýyllarynda çykarylan Sequoia ulaglaryna, şeýle hem takmynan 6 müň sany Tacoma 2025 pikaplaryna degişli. Yza çagyryş mehaniki we programma näsazlyklary bilen baglanyşykly.

Tacoma-da öňdäki hereketlendiriji bogunlaryň materialynda kemçilik tapyldy. Ähli tekerleri hereketli modellerde tizlik geçiriji “duralga” geçirilenden soň hem ulagyň hereket etmegine sebäp bolup biler. Toyota bu modeliň ähli ulaglaryny barlar we zerur bolsa bölekleri mugt çalşar.
Tundra pikaplarynda we Sequoia wnedorožniklerinde 14 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamynda programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy ýüze çykaryldy. Ýalňyşlyk şekili ýoýup ýa-da ekrany öçürip biler, bu yzky kamerany ulanmagy kynlaşdyrar we heläkçilik howpuny ýokarlandyryp biler.
Öndüriji programma üpjünçiligini öz hasabyna täzelejekdigini habar berdi. Awtoulag eýelerine hyzmat kampaniýasyny geçmek üçin dilerlerine ýüz tutmak maslahat berilýär.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......