FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny hödürledi

  • 04.10.2025 18:50
  • 6.3k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) öz saýtynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny görkezdi.

Ýaryş ilkinji gezek birbada üç ýurduň çäginde geçer we indiki ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam eder.

Topuň dizaýny ýaryşyň ýer eýelerine hormat goýmak bilen, gyzyl-ýaşyl-gök reňklerde ýerine ýetirildi. Topda ýurtlaryň her birinden nyşan bar: kerkaw ýapragy – Kanada, bürgüt – Meksika, ýyldyz – ABŞ. Topa Trionda diýlip at berildi, bu ispan dilinden “üç tolkun” diýmegi aňladýar we çempionatyň üç guramaçysyny alamatlandyrýar.

Top 500 Gs ýygylykda işleýän çipli datçik bilen üpjün edildi, ol her bir hereketi yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa takyk maglumatlary hakyky wagtda VAR ulgamyna geçirýär.

“Men bu ajaýyp topuň derweze toruna girmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Dünýä çempionaty üçin wagt hasaby ýöräp başlady” – FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi. 


düýn 18:58
8.1k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

düýn 17:07
9.5k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
4.1k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......