Futbol boýunça Dünýä çempionaty-2026 üçin iň gymmat petegiň bahasy tas 7000 dollara barýar

  • 04.10.2025 17:04
  • 10k+

FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin petek bahalaryny yglan etdi. Köp janköýerler has amatly bahalara garaşypdy, ýöne sanlar garaşylmadyk derejede boldy: ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryş eýýäm taryhda iň gymmat ýaryş diýlip atlandyrylýar diýip, The Athletic habar berýär.

Sentýabrda FIFA iň arzan petekleriň 60 dollar boljakdygyna wada beripdi. Iş ýüzünde bolsa şeýle orunlar örän seýrek: olary diňe toparlaýyn tapgyryň käbir oýunlarynda we ýokarky gatlaryň iň amatsyz sektorlarynda tapyp bolýar. Esasy petekler has gymmada düşer.
Mysal üçin, ABŞ-da toparlaýyn tapgyryň oýunlary üçin üçünji kategoriýa petekleriniň iň pes bahasy 140 dollara, Los-Anjelesiň, San-Fransiskonyň we Nýu-Jersiniň stadionlarynda iň gowy orunlar bolsa 620 dollara barabar. Onlaýn nobatlarda ençeme sagatlap nobata duran köp janköýerler arzan kategoriýalaryň çalt gutarandygyndan zeýrenýär.
Esasanam, Nýu-Jersidäki final üçin petek bahalary haýran galdyrýar:

  • 1-nji kategoriýa – $6730;
  • 2-nji kategoriýa – $4210
  • 3-nji kategoriýa – $2790
  • 4-nji kategoriýa – $2030

Deňeşdirmek üçin, Moskwada geçen DÇ-2018-iň finaly üçin petekleriň bahasy 455 dollardan başlapdy.
Mehikoda geçiriljek ýaryşyň açylyş dabarasyna azyndan 370 dollara, Los-Anjelesde ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň oýnuna 560 dollara gatnaşyp bolar. Üstesine-de, bahalar “çeýe ulgam” sebäpli ýokarlanyp hem biler, bu ýagdaýda bahalar islege bagly bolýar.
Çempionat 11-nji iýunda başlar we 19-njy iýulda Nýu-Jerside final bilen tamamlanar. Oňa 48 ýygyndy gatnaşar, oýunlaryň umumy sany bolsa 104-e ýeter. Ýaryşyň üç tumary bar: los Meýpl (Kanada), ýaguar Zaýýu (Meksika) we ak kelleli bürgüt Klatç (ABŞ).


düýn 16:49
5.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.6k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....