Hatda milliarderler üçin kaşaň: Rolls-Royce 25 sany üýtgeşik Phantom-y çykarar

  • 04.10.2025 15:03
  • 4.4k+

2025-nji ýylda Rolls-Royce öz Phantom flagman modeliniň 100 ýyllygyny baýram edýär. Şu mynasybetli kompaniýa eýýäm markanyň taryhynda iň kaşaň diýlip atlandyrylýan üýtgeşik interýer bilen bary-ýogy 25 awtomobil çykarar.

Täze seriýanyň esasy aýratynlygy salonda seýrek gara agaç Blackwood-yň ulanylmagydyr. Agaç panellerde ussatlar elde Phantom-yň taryhyny çekdi: kartalar, ugurlar we synag modelleriniň silueti. Munuň üçin awtomobil pudagynda ilkinji gezek birbada üç tehnologiýa – 3D haşamlama, göwrümli syýa bilen çap ediş we 24 karat altyndan çaýylan gyzyl ulanyldy.
Her bir panel elde döredildi, dürli çuňlukdaky şekiller lazer bilen kesip ýasaldy, 3D syýanyň kömegi bilen ýokary galdyrylan elementler bolsa şekillere göwrüm goşdy. Ýol çyzyklary altyn bilen tapawutlandyryldy.
Ýubileý modeli tehniki taýdan adaty V12-ni saklap galýar, ýöne esasy üns salony bezemek sungatyna gönükdirildi. Ulagyň haçan çykjakdygy barada kompaniýa entek maglumat bermedi.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

20.04.2026 09:01
3.2k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
2k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......