Samsung 80 dollardan Galaxy M07 smartfonyny satyp başlady: Helio G99 prosessory we 5000 mA/sag batareýa

  • 03.10.2025 17:05
  • 5.2k+

Samsung kompaniýasy uly bildiriş etmezden käbir ýurtlarda Galaxy M07 smartfonynyň satuwyna başlady. Aýratynlyklary boýunça ol öň çykan Galaxy A07 4G-ni doly diýen ýaly gaýtalaýar.

Täze smartfon durulygy 1600×720 piksel we täzelenme ýygylygy 90 Gs bolan suwuk kristal ekranyna eýe boldy. 8 Mp frontal kamera ykjam görnüşde ýerleşdirildi. Yzda iki kamera oturdyldy: awtofokus bilen 50 Mp esasy we 2 Mp çuňluk datçigi.
Smartfon sekiz ýadroly MediaTek Helio G99 prosessorynda işleýär. 4 ýa-da 6 GB operatiw ýatly we 64 ýa-da 128 GB hemişelik ýatly wersiýalar elýeterlidir. microSD üçin ýer hem bar.
Galaxy M07 25 Wt çenli çalt zarýad goldawy bilen 5000 mA/sag akkumulýatora eýe boldy. Korpus IP54 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goragly, nauşnik üçin ýer we barmak yzynyň gapdal skaneri bar. Smartfonyň ölçegi – 164,4×77,4×7,6 mm, agramy 184 g.
Model çal, ýiti benewşe we goýy ýaşyl reňklerde hödürlenýär.
Samsung alty ýyllyk ulgam we howpsuzlyk täzelenmelerini wada berýär.
Arzan smartfonyň başlangyç bahasy – 80 dollar töweregi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...