Ford Expedition 2025 piknik we kemping üçin töwerekleýin yşyklandyryşa eýe boldy

  • 03.10.2025 17:08
  • 6.1k+

Ford Zone Lighting töwerekleýin yşyklandyryş ulgamy bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Expedition ulagyny hödürledi.

Yşyk ulgamy indi dört zolagy – awtomobiliň öňüni, yzyny we gapdallaryny öz içine alyp, ulagyň perimetri boýunça deňölçegli yşyklandyryşy üpjün edýär diýip, Car and Driver habar berýär.
Inženerleriň aýtmagyna görä, yşyklandyryş sazlananda olar ýönekeý bir synagdan ugur aldy: yşyk gijesine arassa howada arkaýyn kart oýnamak üçin ýeterlik derejede ýagty bolmaly.
Ulgam piknikde, kempingde we tebigatda dynç alşyň beýleki görnüşlerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Ol ýanyňda goşmaça enjamlary götermek zerurlygyny aradan aýyrýar we açyk howada has rahat dynç almaga mümkinçilik berýär.


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....