Ýewropa ligasynda täsirli waka: “Lilliň” türk derwezebany 3 minutda 3 penaltini yzyna gaýtardy

  • 03.10.2025 12:41
  • 12k+

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ikinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Tapgyryň esasy täsirli wakasy Rimde italýan “Romasy” bilen “Lill” fransuz toparynyň arasyndaky oýun boldy. Myhmanlar öz derwezebany Berke Ozeriň ajaýyp oýny netijesinde 1:0 hasabynda utdy.
“Lill” altynjy minutda Hakon-Arnar Haraldssonyň goly bilen öňe saýlandy. Oýnuň ahyrynda rimliler hasap açmaga mümkinçilik gazandy: 82-nji minutda emin garşydaş toparyň derwezesine penalti belledi, ýöne “Roma” üç synanyşykda-da gol geçirip bilmedi.
Artýom Dowbigiň ilkinji iki urgusy düzgün bozmalar sebäpli gaýtadan uruldy: birinji gezekde “Lilliň” oýunçylary jerime meýdançasyna wagtyndan öň ylgady, ikinjide Ozer urgudan öň derweze çyzygyndan çykdy. Üçünji penaltini Matias Soule depdi, ýöne türk derwezebany üç urgynyň hemmesini yzyna gaýtaryp bildi.
“Roma” 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek Ýewropa ligasynda öýünde utuldy, Berke Ozer bolsa duşuşygyň esasy gahrymanyna öwrüldi.
Esasy oýunlaryň ýene birinde “Aston Willa” (Angliýa) myhmançylykda “Feýenoordy” (Niderlandlar) Emi Buendiýanyň we Jon Makginniň gollary bilen 2:0 hasabynda utdy. Unai Emeriniň topary iki oýundan soň alty utuk gazandy.

Ýewropa ligasynyň ikinji tapgyrynyň netijeleri:

  • ·“Roma” – “Lill” 0:1
  • ·“Fenerbahçe” – “Nissa” 2:1
  • ·“Viktoriýa” – “Malme” 3:0
  • • “Seltik” – “Braga” 0:2
  • • “Ludogores” – “Betis” 0:2
  • • “FKSB” – “Ýang Boýz” 0:2
  • • “Bolonýa” – “Fraýburg” 1:1
  • • “Panatinaikos” – “Iglz” 1:2
  • • “Brann” – “Utreht” 1:0
  • • “Portu” – “Srwena Zwezda” 2:1
  • • “Feýenoord” – “Aston Villa” 0:2
  • • “Lion” – “Zalsburg” 2:0
  • • “Makkabi” (Tel-Awiw) – “Dinamo” (Zagreb) 1:3
  • • “Bazel” – “Ştutgart” 2:0
  • • “Nottingem Forest” – “Mitýulland” 2:3
  • • “Şturm” – “Reýnjers” 2:1
  • • “Selta” – “PAOK” 3:1
  • • “Genk” – “Ferenswaroş” 0:1

Şol gün Konferensiýa ligasynyň hem birinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Konferensiýa ligasynyň birinji tapgyrynyň netijeleri:

• “Dinamo” (Kiýew) – “Kristal Pelas” 0:2
• “Lozanna-Sport” – “Breýdablik” 3:0
• “Noa” – “Rieka” 1:0
• “Zrinski” – “Linkoln Red Imps” 5:0
• “Ýagelloniýa” – “Hamrun Spartans” 1:0
• “Leh” – “Rapid” 4:1
• “KuPS” – “Drita” 1:1
• “Omoniýa” – “Maýns” 0:1
• “Raýo Walýekano” – “Şkendia” 2:0
• “Aberdin” – “Şahtýor” 2:3
• “Sparta” – “Şemrok Rowers” 4:1
• “Fiorentina” – “Sigma” 2:0
• “AEK” (Larnaka) – “Alkmaar” 4:0
• “Legiýa” – “Samsunspor” 0:1
• “Sele” – AEK (Afiny) 3:1
• “Rakuw” – “Uniwersitatýa” 2:0
• “Şelburn” – “Heken” 0:0
• “Slowan” – “Strasbur” 1:2


düýn 23:46
3.5k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
3k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.7k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
11k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......