2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň öý duşuşyklary ilkinji gezek "Arkadag" stadionynda geçiriler

  • 03.10.2025 10:46
  • 9.4k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogy üçin saýlama tapgyrynda milli ýygyndylaryň öý duşuşyklarynyň geçiriljek ýerlerini tassyklady. Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki öý duşuşygyny Arkadag şäherindäki täze stadionda geçirer.

Saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Şri-Lanka bilen myhmançylykda duşuşar. Oýun 9-njy oktýabrda Kolomboda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 15:45-de başlar.
Şol ýygyndy bilen jogap duşuşygy 14-nji oktýabrda “Arkadag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk milli ýygyndynyň täze meýdançadaky ilkinji oýny bolar. Oýun 18:45-de başlanar.
Türkmenistanyň ýygyndysy ýene bir öý duşuşygyny 18-nji noýabrda Arkadagda Taýwanyň (Hytaý Taipei) ýygyndysyna garşy geçirer. Bu duşuşyk hem 18:45-de başlar.
Toparda iň soňky duşuşygy Türkmenistanyň ýygyndysy 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Tailandda myhmançylykda geçirer.
Saýlama tapgyrynyň iň soňky öý duşuşygy 10-njy iýunda Aşgabatda bolup geçipdi. Şol duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......