Trampyň akkauntyny petikläni üçin YouTube 24,5 million dollar tölär

  • 02.10.2025 19:02
  • 6.3k+

YouTube wideohosting hyzmaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hyzmatyň üstünden beren talap arzasyny çözmek üçin 24,5 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanýan Reuters habar berýär.

Trampyň YouTube-daky, Facebook-daky, Instagram-daky we Twitter-däki akkauntlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda onuň tarapdarlary Kapitoliýä kürsäp girenden soň tizara petiklenipdi. Tramp kazyýetde bu çözgüde garşy çykdy.
Ylalaşygyň şertlerine görä, YouTube Ak tamdaky bal zalyny gurýan täjirçilik bolmadyk Trust for the National Mall guramasyna  22 million dollar tölär. Galan 2,5 million dollar Amerikan Konserwatiw Bileleşigini hem öz içine alýan beýleki talapkärleriň arasynda paýlanar.
Tramp YouTube-yň gelen kararyny "ýokary tehnologiýalar ulgamynda senzuranyň netijeleriniň bardygyny" subut edýän "uly ýeňiş" diýip atlandyrdy.
YouTube Trampyň akkauntlarynyň petiklenmegi bilen bagly onuň talap arzasyny  sazlamak üçin millionlarça dollar tölemäge razy bolan üçünji uly tehnologiýa kompaniýasy boldy. Ondan öň Meta (Facebook-yň we Instagram-yň eýesi) Tramp-a 25 million dollar, X (öňki Twitter) bolsa 10 million dollar tölemäge razy bolupdy.


düýn 08:03
13k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

23.05.2026 07:07
4.1k+

Waşingtonda dünýäde iň beýik hormat derwezesiniň taslamasy tassyklandy

ABŞ-nyň Sungat boýunça komissiýasy Waşingtonda beýikligi 76,2 metre barabar bolan hormat derwezesiniň (triumfal arka) taslamasyny tassyklady. Ol dünýäde şeýle görnüşli iň uly gurluş bolar....

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......