Spotify EA bilen döredilen aýdymlara bellik goýup, dipfeýkleri bloklap başlar

  • 02.10.2025 18:10
  • 864

Spotify emeli aňyň kömegi bilen döredilen aýdym-sazlar üçin täze düzgünleri girizýär. Üýtgeşmeleriň maksady aýdym döredilende EA-nyň ulanylandygyny aç-açan etmekden, spam bilen göreşmekden we rugsatsyz artistleriň sesine öýkünmegi gadagan etmekden ybarat.

Spotify DDEX standartyny girizýär, ol EA-nyň wokal döredilende, instrumental ýazylanda, işlenilende ýa-da postprodakşende, umuman, nirede ulanylandygyny titrlerde görkezmäge mümkinçilik berer. Leýbller, artistler we distribýutorlar bu maglumaty mümkin boldugyndan takyk görkezmeli bolar.
Spotify sesleriň rugsatsyz göçürilip alynmagyny we dipfeýkleri hem gadagan eder. Kompaniýa şeýle kompozisiýalary bozmagy we olaryň ýaýramagyny blokirlemegi maksat edinýär.
Güýzde hyzmat aýdym-saz spamy bilen göreşmek üçin täze süzgüji işe girizer. Ol şübheli aýdymlary ýüze çykaryp, olary bellik eder we tekliplerden aýrar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ozal platformadan 75 milliondan gowrak spam-trek aýryldy.

“Biz artistleri EA-ny jogapkärli ulanýandygy üçin jezalandyrmak islemeýäris. Biz bu öňkülerden has döredijilikli bolmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris. Biziň maksadymyz bu ýerde ulgamy aldaýan kezzaplary saklamak” – diýip, Spotify-yň wize-prezidenti we global aýdym-saz bölümçesiniň ýolbaşçysy Çarli Hellman belledi.

Çözgüt EA-aýdymlarynyň meşhurlygynyň artmagy bilen baglanyşykly boldy. Şu tomusda emeli aňyň kömegi bilen döredilen Velvet Sundown topary şeýle aýdymlaryň aç-açan bellik edilmändigi üçin ulanyjylaryň nägileligine sebäp boldy. Spotify-yň bäsdeşi – Deezer hyzmaty ýakynda her gün ýüklenilýän aýdym-sazlaryň 18%-iniň, 20 müňden gowrak aýdymyň, indi doly EA-nyň kömegi bilen döredilýändigini habar berdi. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......