“Arkadag” AFK Çempionlar ligasy – 2-niň ikinji tapgyrynda Bahreýniň “Al-Haldiýasyndan” utuldy

  • 02.10.2025 14:59
  • 10k+

1-nji oktýabra geçilen gije Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi – “Arkadag” futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparlaýyn tapgyrynda ikinji oýnuny geçirdi. Arkadag şäherinden adybir topar myhmançylykda Bahreýniň “Al-Haldiýa” klubundan 0:2 hasabynda utuldy.

Oýun Riffa şäherindäki Milli stadionda geçirildi. Ýer eýeleri iki goly hem oýnuň birinji ýarymynda girizdi: 10-njy minutda Žoel Beýýa, 39-njy minutda Gleýson Moreýra tapawutlandy. Ikinji ýarymda, 53-nji minutda “Al-Haldiýanyň” oýunçysy Mussa Kulibali gyzyl duýduryş aldy, ýöne bu myhmanlara hasap açmaga kömek etmedi.
“B” toparçanyň beýleki bir oýnunda Kataryň “Al-Ahli” topary Özbegistandan “Andižan” kluby bilen deňme-deň oýnady – 0:0.
Iki tapgyrdan soň toparçada dört utuk bilen “Al-Haldiýa” öňde barýar. “Al-Ahli” bilen “Andižanyň” hersinde iki utuk, “Arkadagda” bir utuk bar.
Birinji tapgyrda türkmen topary öýünde “Andižan” bilen oýnady. Oýun golsuz deňme-deň tamamlandy.
Indiki oýunda “Arkadag” 22-nji oktýabrda Kataryň “Al-Ahlisi” bilen duşuşar. Oýun Dohadaky “Al-Tumama” stadionynda bolar. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......