YouTube Premium täze mümkinçilikleri hödürleýär: kämilleşdirilen ses, 4x we beýlekiler

  • 01.10.2025 09:13
  • 1.5k+

YouTube wideo hyzmaty Premium eýeleri üçin täze mümkinçilikleri hödürledi. Ozal wideonyň tizligini iki esse artdyryp bolýan bolsa, indi ulanyjylar ony 0,05 ädim bilen 4 essä çenli sazlap bilýär. Bu funksiýa eýýäm diňe bir Android we iOS-da däl, eýsem hyzmatyň web-wersiýasynda hem elýeterlidir.

Şeýle-de, sesiň hili kämilleşdirildi. Ozal ony diňe YouTube Music-de ýa-da esasy programmanyň synag režiminde eşidip bolýardy. Indi ýokary hilli ses Android we iOS-da Premium ulanyjylaryň aglabasy üçin hem elýeterli boldy. Dogrusy, ol diňe resmi aýdym-saz wideolary we albom daşlyklary üçin işleýär.
Wideonyň esasy ýerine geçmäge mümkinçilik berýän Jump Ahead funksiýasy indi diňe smartfonlarda we brauzerde däl, eýsem smart telewizorlarda we oýun pristawkalarynda hem elýeterlidir.
Şeýle-de, Premium eýeleri “suratda surat” funksiýasyna doly elýeterlilik aldy. Öň ol diňe Android-de we iOS-da synag görnüşinde işleýärdi.
Mundan başga-da, YouTube Labs programmasyny işe girizdi. Onuň çäklerinde Premium ulanyjylar ilkinji bolup platformanyň täze funksiýalaryny, şol sanda emeli aňa esaslanýan gurallary synap biler.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......