Mansory Formula 1-iň sürüjisi üçin ýörite Lamborghini Revuelto döretdi

  • 30.09.2025 10:14
  • 3.8k+

Mansory sazlaýyş studiýasy Formula 1-däki Haas toparynyň sürüjisi Esteban Okon bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny yglan edip, fransuz sürüjisi üçin ýörite döredilen Lamborghini Revuelto-ny hödürledi.

Okonyň adynyň we familiýasynyň baş harplaryny  hem-de ýaryş belgisini aňladýan, sürüjiniň goly we EO21 ýazgysy goýlan nyşanly öň ganatlary superkaryň ýekeje nusgada çykarylandygyny nygtaýar. Şeýle nyşany gapy panellerinde hem görmek bolýar. Kuzowy gyzyl we gara reňk bilen boýaldy.
Hyzmatdaşlygyň çäginde sürüjiniň ýaryş kaskasynda Mansory-nyň nyşany peýda bolar.
Suratlar awtoulagyň 2024-nji ýylyň ahyrynda çykaran Revuelto wersiýasyna esaslanýandygyny görkezýär. Ol şemalladylýan karbon kapoty, täzeden dizaýn edilen bamperi, has ýiti splittory, howa geçirijisi we bosagasyndaky “ýüzgüçleri”, ýaýbaň yzky diffuzory we çekilýän täze antiganaty bilen adaty modelden tapawutlanýar.
6,5 litrlik V12-iň kuwwaty 825-den 880 at güýjüne, tork 725-den 760 Nm-a çenli ýokarlandy. Üç elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde ulgamyň umumy kuwwaty 1070 at güýjüne çenli ýokarlandy. 100 km/sag (62 mil) tizlige indi 2,4 sekuntda çykýar. Bu köpçülikleýin öndürilýän Revuelto-nyňkydan 0,1 sekunt çaltdyr. Iň ýokary tizligi sagatda 354 km.


29.05.2026 23:29
4.2k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....