Tadeý Pogaçar welosiped sürmek boýunça dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

  • 29.09.2025 19:07
  • 3.7k+

Sloweniýaly welosipedçi Tadeý Pogaçar Ruandada geçirilen welosiped sürmek boýunça dünýä çempionatynda toparlaýyn ýaryşynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň güýçli türgenleriniň biri adyny tassyklady. Bu onuň dünýä çempionatynda bu aralyk boýunça yzly-yzyna ikinji ýeňşidir.

Belgiýaly Remko Ewenepul Pogaçardan 1 minut 28 sekunt yzda galyp, kümüş medal gazandy. Irlandiýaly Ben Hili üçünji orny eýeledi (2 minut 16 sekunt yzda).
Ýaryşa goşulan 165 türgeniň diňe 30-sy pellehana gelmegi başardy.
Kanadaly Magdalen Walýer Ruandanyň Kigali şäherinde 164,6 km-lik ýolda toparlaýyn welosiped sürmek boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Pogaçar dört gezek Tur de Fransyň, Jiro d’Italiýanyň ýeňijisi we 2020-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda toparlaýyn ýaryşda bürünç medal gazandy. 2019-njy ýyldan başlap, “UAE Team Emirates” Dünýä turynyň toparynyň düzüminde bäsleşýär.

düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......