Serhio Buskets MLS-iň möwsümi gutaranda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi

  • 29.09.2025 14:29
  • 5.4k+

Ispaniýanyň “Inter Maýami” futbol klubunyň ýarym goragçysy Serhio Buskets sosial ulgamda, şu möwsümden soňra professional futbolçy karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi.

«Indi professional futbolçy karýeram hoşlaşmaly wagt geldi. 20 ýyldan gowrak wagtlap diňe arzuw edip boljak täsin bir taryhy başdan geçirdim. Futbol maňa aýratyn tejribe berdi» diýip, Buskets ýazdy. Ol ähli topardaşlaryna, tälimçilerine, janköýerlerine we maşgalasyna minnetdarlyk bildirdi we bu sahypany «örän begençli, kanagatlanma bilen we minnetdar ýagdaýda» ýapýandygyny belledi.

38 ýaşly Buskets “Barselona” toparynyň mekdebinden çykyp, 2008–2023 ýyllar aralygynda şol klubda çykyş etdi. Ol katalon toparynyň düzüminde 32 kubok gazandy, şol sanda üç gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Buskets 2010-njy ýylda dünýä çempiony, 2012-nji ýylda bolsa Ýewropa çempiony boldy we ispan futbolynyň altyn döwrüniň esasy oýunçylarynyň biri hökmünde tanaldy.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....