Mansory-dan täze Lamborghini Urus Venatus ulagy dünýäde iň tiz krossower boldy

  • 28.09.2025 23:35
  • 3.3k+

Lamborghini Urus Germaniýanyň Mansory atelýesi tarapyndan döredilen Venatus wersiýasyny aldy. Bu dünýäde iň kuwwatly we iň tiz krossower boldy, ol bary-ýogy 2,8 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa 332 km/sag ýetýär.

Esas hökmünde Urus SE gibridi alyndy. Mansory-nyň hünärmenleri hereketlendirijiniň kuwwatyny 800 at güýjünden 1100 at güýjüne çenli, aýlanma güýjüni bolsa 950-den 1250 Nm çenli ýokarlandyrdy. Ulag sport awtomobillerindäki ýaly gaty sesli gaz çykaryjy turba bilen üpjün edildi, dizaýn agressiw görnüşde ýerine ýetirildi.
Krossower karbon kapota we goşmaça elementlere, mämişi bezeg goşundylaryna we birbada iki anti-ganata eýe boldy. 24 dýuýmlyk FC.5 süýme diskleri oturdyldy – öňde 295/30 R24 we yzda 355/25 R24.
Salon hem gaýtadan işlendi: interýer ýiti mämişi öwüşginler bilen deriden, zamşadan we karbondan taýýarlandy. Potolok yşyklandyrmasy “ýyldyzly asmanyň” stilinde döredildi.
Mansorynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Venatus modeli çäkli nusgada çykarylar.


16.05.2026 18:14
4.2k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...