Xiaomi 17 – Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessorly ilkinji smartfon hödürlendi

  • 26.09.2025 18:18
  • 3.5k+

Xiaomi flagman smartfonlarynyň täze neslini – Xiaomi 17 hataryny hödürledi. Esasy model Snapdragon 8 Elite Gen 5 platformasyna eýe bolan dünýäde ilkinji smartfon boldy. Täze prosessordan başga-da, smartfon öňki wersiýalar bilen deňeşdirilende birnäçe kämilleşmelere eýe boldy.

Esasy täzelikleriň biri kremniý-uglerod tehnologiýasyny ulanmak bilen döredilen we düzüminde 16%-e çenli kremniý saklaýan 7000 mA/sag sygymly batareýa boldy. Ol 100 Wt kuwwatly çalt simli zarýady, 50 Wt simsiz zarýady we 22,5 Wt garşylyklaýyn zarýady goldaýar.
Smartfon durulygy 2656 × 1220 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,3 dýuýmlyk M10 LTPO OLED displeýine eýe boldy. Ekran 3500 kd/m² çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär. Ol Xiaomi Dragon Crystal Glass aýnasy bilen goraldy, çarçuwa bolsa 1,18 mm çenli inçeldildi. Displeýiň aşagynda ultrasesli barmak skaneri bar.
Yzky panelde Xiaomi 15 ýaly üç kamera oturdyldy: 50 Mp esasy, 50 Mp giňburçly we 2,6 esse optiki zum bilen 50 Mp teleobýektiw. Selfi kamerasy täzelendi we indi 50 Mp datçigi ulanýar.
Smartfon 12 ýa-da 16 GB operatiw ýada we 256 ýa-da 512 GB hemişelik ýada eýe boldy. Ol Android 16-nyň esasynda täze HyperOS 3 operasion ulgamy bilen işleýär.
Xiaomi 17-niň dizaýny köp babatda öňki modele meňzeş: tekiz alýumin çarçuwa, yzky aýna paneli. Gorag IP68 ülňüsine laýyk gelýär. Smartfon gara, ak, mawy we gülgüne reňklerde elýeterlidir.
15/256 GB wersiýasy üçin baha 4499 ýuana ($630), 12/512 GB üçin 4799 ýuana ($672), 16/512 GB üçin 4999 ýuana ($700) barabar. Hytaýda satuw 27-nji sentýabrda başlaýar, ýöne dünýä bazaryna smartfon gijräk çykar. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...