Goşmaça ekranly Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max hödürlendi

  • 26.09.2025 18:11
  • 8.4k+

Xiaomi korpusynyň yzky tarapynda goşmaça displeý bolan Xiaomi 17 Pro we Xiaomi 17 Pro Max flagman smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. Displeýi diňe bir esasy kamera bilen selfi düşürmek üçin däl, eýsem aýdym-saz pleýerini dolandyrmak, taýmer gurmak, gelen messenjerleri we jaňlary, habarnamalary görmek we hatda oýun üçin ulanyp bolýar.

Şeýle-de, smartfonlar täze sekiz ýadroly Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessoryna, täzelenen kameralara we beýleki aýratynlyklara eýe boldy.

Xiaomi 17 Pro durulygy 2656 × 1220 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,3 dýuýmlyk LTPO AMOLED displeýini aldy. Iň ýokary ýagtylyk – 3500 kd/m2 çenli, barmak skaneri bolsa göni ekrana gurnaldy. Smartfonyň yzky tarapynda 904 × 572 piksel durulykda 2,7 dýuýmlyk LTPO AMOLED displeýi oturdyldy.
Frontal kamera 50 Mp bolup, sekuntda 60 kadr bilen 4K formatda wideo düşürýär. Yzky paneldäki üçli esasy kamera 50 Mp Light Fusion 950L sensoryny periskopik modul we giňburçly sensor bilen utgaşdyryp, sekuntda 30 kadr bilen 8K çenli wideo we sekuntda 960 kadra çenli 1080p haýal wideo düşürmäge mümkinçilik berýär.
Ýat 12 ýa-da 16 GB operatiw we 256 GB, 512 GB ýa-da 1 TB hemişelikdir. 6300 mA/sag sygymly akkumulýator 100 Wt çenli çalt simli zarýady, 50 Wt çenli simsiz we 22,5 Wt çenli garşylyklaýyn zarýady goldaýar.
Hytaýda baha:

  • ·12 GB / 256 GB — $700
  • ·12 GB / 512 GB — $745
  • ·16 GB / 512 GB — $785
  • ·16 GB / 1 TB — $840

Xiaomi 17 Pro Max  6,9 dýuýmlyk esasy displeýe we 2,9 dýuýmlyk daşky displeýe eýe boldy. Kameralar we prosessor Pro modeli bilen deň, ýöne akkumulýator 7500 mA/sag çenli ulaldyldy. Sowadyş ulgamy we Android 16-nyň esasynda HyperOS 3 smartfonyň durnukly işlemegini üpjün edýär.
Smartfonlaryň ikisi-de IP68 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraglydyr.
Hytaýda baha:

  • ·12 GB / 512 GB — $840
  • ·16 GB / 512 GB — $885
  • ·16 GB / 1 TB — $980

Hytaýda deslapky sargytlar eýýäm açyldy. Dünýä bazaryna smartfonlar gijräk çykar. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...