«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy

  • 25.09.2025 21:15
  • 12k+

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek eýeledi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýeňijileriň düzüminde iki goly Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar), ýene bir topy bolsa Mirza Beknazarow (14) geçirdi. Duşuşygyň 27-nji minutynda «Ahalyň» oýunçysy Döwran Hojamämmedow gyzyl duýduryş alyp, meýdançany terk etdi.
Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip “Arkadag” toparynyň oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew saýlanyldy.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ikinji gezek mynasyp boldy.
Ýeňijilere baýraklary TFF-niň ýolbaşçylar düzümi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilelikde gowşurdylar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......