Range Rover Sport dinozawrlaryň hormatyna agressiw bezege eýe boldy

  • 25.09.2025 15:54
  • 7.7k+

Britaniýanyň Barugzai atelýesi üçünji nesil Range Rover Sport krossoweri üçin täze bezeg komplektasiýasyny hödürledi. Alternatiw kuzow detallarynyň toplumy Raptor diýip atlandyryldy. Bu adyň seçilmegi tötänden däl – dizaýnerler onuň stilini döretmekde hakykatdan hem dinozawrlaryň keşbinden ylham aldylar, ýöne şunuň ýaly at Ford-yň «zarýadlanan» modellerinde hem ulanylýar.

Toplumyň düzüminde diametri 24 dýuým bolan äpet teker diskleri hem bar. Bahasy entek mälim edilmedi.
Range Rover Sport üçin uly howa sorujy ojakly täze kapot taýýarlanyldy. Onda kompaniýanyň resmi logosynyň ýerine Barugzai nyşany ýerleşdirildi. Şeýle hem täze radiator gözenegi, LED-çyraly uly öň bamper, giňeldilen teker arkalary bar. Yz tarapda krossoweri iki spoýler (biri üçegiň üstünde, beýlekisi bäşinji gapynyň üstünde), uly diffuzor we ýörite çykarylan turbalary bezäpdir.
Barugzai ulagyň tehniki bölegine gatyşmady — güýç agregaty, ýörite enjamlary we içki salon öňküligine galdy. Ozal öňki nesil Range Rover Sport üçin şeýle toplumyň bahasy takmynan 11 müň dollara deňdi.
Raptor giňeldilen ganatlary, gapdal ýörite listleri we sport häsiýetini görkezýän agressiw daşky görnüşi bilen tapawutlanýar, şonuň bilen birlikde maşynyň funksional we mehaniki bölekleri üýtgewsiz galdy.

şu gün 09:56
1.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....