25-nji sentýabrda Xiaomi 17, 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlary hödürlener: ilkinji suratlar

  • 23.09.2025 17:33
  • 7.4k+

Xiaomi kompaniýasy täze flagman smartfonlarynyň hatarynyň ilkinji suratlaryny hödürledi. Oňa üç smartfon girdi: esasy model Xiaomi 17, şeýle-de ýokary wersiýalar 17 Pro we 17 Pro Max. Resmi tanyşdyrylyş 25-nji sentýabrda bolar.

Xiaomi 17 smartfony 1,18 mm çarçuwaly we taraplarynyň gatnaşygy 19,6:9 bolan 6,3 dýuýmlyk ekrana eýe bolar. Smartfonyň birneme aýlawly burçlar bilen tekiz gyralary bolar. Esasy kamera kompaniýanyň firma stilinde ýerine ýetirildi: sensorlar we ýagtylandyryş dörtburç bloguň içinde simmetrik ýagdaýda ýerleşdirildi.
Pro wersiýalar çarçuwanyň ýogynlygyny saklady, ýöne iki reňkde çykar – “tokaý ýaşyl” we “sowuk tüsse benewşe”. Olaryň esasy aýratynlygy korpusyň yzky panelinde, kamera blogunda goşmaça displeýiň bolmagydyr. Bu üýtgeşme esasy modelde ýok. Kompaniýa bu ekrany Magic Back Screen diýip atlandyrýar. Onda sagat, şablonlar we habarnamalar görkeziler. Selfi surat üçin yzky kamera ulanylan ýagdaýynda yzky ekranda suraty deslapky ýagdaýda görmek bolar.
17 Pro we Pro Max smartfonlarynda her biri 50 Mp üç kamera bolar: SmartSens 90 sensorly, ultra giňburçly we periskopik teleobýektiwli. Ähli smartfonlar awtofokus bilen 50 Mp frontal kamerany alar. Smartfonlar ilkinji bolup Qualcomm-dan bir kristally Snapdragon 8 Elite Gen 5 ulgamyna eýe bolar.
Smartfonlaryň üçüsi-de üçünji nesil HyperOS operasion ulgamynda işlär.
Ýatlap geçsek, Xiaomi smartfonlaryň tertip belgisinde 16-ny sypdyryp, göni 17-nji hatara geçdi. KHBS şeýle ädimiň premium segmentde Apple bilen bäsleşmäge gönükdirilendigini ýazýar. Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbin muny inkär etjek bolmady. “Biz iPhone-a ünsi jemläp, iň güýçli bäsdeşimizden öwrenmek üçin bäş ýyl ozal premium segmente çykyş strategiýamyza başladyk. Apple häzirem öňdebaryjy. Ýöne biz şol bir nesliň önümi bilen bäsleşip biljekdigimize ynanýarys” – diýip, ol aýtdy. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...