ABŞ-daky Tennessi uniwersiteti talyplara GTA oýny arkaly taryhy öwreder

  • 23.09.2025 17:40
  • 2.9k+

Tennessi ştatynyň uniwersitetinde Grand Theft Auto oýunlarynyň üsti bilen ABŞ-nyň 1980-nji ýyldan bärki taryhyny öwretjek kurs peýda bolar. Kursy taryh professory Tore Olson işläp taýýarlady we özi alyp barar. Bu barada ol IGN bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Mugallym GTA-nyň soňky 45 ýylyň taryhy wakalaryny, şäher we oba ýerlerini, gahrymanlary we sýužetleri seljermek üçin gural hökmünde ulanylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, oýun hakyky prosesleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, oýun satira bolup, onda käbir ýoýulmalar bar. Mysal üçin, onda şäher etegi ýok diýen ýaly, zenanlar, köplenç, ahlaksyz görnüşde, akýagyzlardan galan personažlar bolsa, köplenç, jenaýatçy hökmünde görkezilýär.
Şonuň bilen birlikde hakykat bilen gabat gelýän takyk pursatlar hem bar: Los-Santosyň, Liberti-Sitiniň we Waýs-Sitiniň portlary ABŞ-nyň ykdysadyýetinde konteýner gatnawlarynyň ähmiýetini görkezýär.
San Andreas hem muňa mysal bolup biler: bu ýerde sýužet wakalary 1992-nji ýylda Los-Anjelesdäki bidüzgünçilikleri görkezýär. Kursda talyplar immigrasiýa, jenaýatyň derejesi, kapitalizm we syýasat ýaly wakalaryň düýp mazmunyna düşünmäge çalşar.
Hasap üçin talyplara oýny geçmek gerek däl – professor öz leksiýalarynda diňe oýnuň käbir böleklerini we ekran suratlaryny ulanar. “Grand Theft America: GTA oýnunyň üsti bilen ABŞ-nyň 1980-nji ýyldan bärki taryhy” atly kurs 2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda başlar. GTA 6-nyň reliziniň süýşürilendigi sebäpli professor ony maksatnama goşmazlyk kararyna geldi. 


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......