Täze “Garri Potterde” Wolan-de-Mortuň keşbine zenan hem gözden geçirilýär

  • 23.09.2025 18:00
  • 4.4k+

“Garri Potter” boýunça täze serialda Wolan-de-Mortuň keşbi üçin diňe bir erkekler däl, eýsem zenanlar hem göz öňünde tutulýar. Bu barada tanymal golliwudly insaýder Deniel Rihtman X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, serialda zalymyň zenan görnüşi-de peýda bolup biler. Ozal KHBS bu rol üçin Killian Mýorfiniň dalaşgärdigini aýdypdy, ýöne aktýor özüniň taslama gatnaşýandygy baradaky habary ret etdi.
Wolan-de-Mortuň keşbi üçin takyk dalaşgärler entek belli däl. HBO-nyň serialynyň premýerasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär we aktýorlaryň esasy düzümi eýýäm yglan edildi. Garri Potteri Dominik Maklaflin, Rony – Alaster Staut, Germionany – Arabella Stenton oýnar. Drako Malfoýyň keşbini Loks Pratt ýerine ýetirer.
Beýleki aktýorlaryň arasynda şular bar: Jon Litgou (Albus Dambldor), Janet Maktir (Minerwa Makgonagall), Paapa Essýedu (Sewerus Snegg), Nik Frost (Rubeus Hagrid), Berti Karwel (Kornelius Faj), Jonni Flinn (Lýusius Malfoý). Bel Pauli bilen Deniel Rigbi bolsa ekranda Petuniýany we Wernon Durslyny janlandyrar.
Mundan başga-da, professor Flitwigiň keşbine Uorwik Dewis gaýdyp geler. Serialda Elaýja Oşin (Din Tomas), Finn Stiwens (Winsent Krebb) we Uilýam Neş (Gregori Goýl) hem peýda bolar. 

düýn 16:35
3.2k+

Gülgüne reňkli ýaprak çekirtge bolup çykdy: Panamanyň jeňňellerinde duş gelýän adaty bolmadyk kamuflýaž

Panamanyň tropiki tokaýlarynda edilen açyş alymlary tebigatyň tanyş maskirowka mehanizmlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Adatça hemme zadyň ýaşyl reňkde bolýan ýerinde birden açyk gülgüne "ýaprak"......

düýn 16:22
3.9k+

Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social»......

düýn 15:50
2.3k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....

düýn 15:46
1.2k+

18 müňden saýlananlar: «Memorial Maria Luisa Awards 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

«Memorial Maria Luisa Awards 2026» halkara bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän bu bäsleşik tebigat, daglar we başdan geçirmeler mowzugyndaky suratlara bagyşlandy....