Reşford “Barselona” üçin ilkinji gollaryny geçirdi, Holand ÇL-iň rekordyny täzeledi

  • 19.09.2025 14:35
  • 6.9k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyry täsirli oýunlar we rekordlar bilen tamamlandy.

“Mançester Siti” öýünde “Napolini” 2:0 hasabynda utdy. Erling Holand Çempionlar ligasynda 50-nji goluny geçirip, bu görkezijä hemmelerden çalt ýeten oýunçy boldy.
21-nji minutda myhmanlar kapitan Jowanni Di Lorenso meýdançadan çykarylandan soň, on bolup galdy, ýöne derwezeban Wanýa Milinkowiç-Sawiçiň kömegi bilen uzak saklandylar. Diňe ikinji ýarymda Holand Fil Fodeniň topy bermeginde kelle bilen gol geçirdi. Tiz wagtdan Jeremi Doku ikinji goly girizdi.
Angliýada “Barselona” “Nýukasl Ýunaýtedi” 2:1 hasabynda utdy. “Barsanyň” täze oýunçysy Markus Reşford toparyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi we tiz wagtdan öz hasabyna ikinji goly ýazdy, bu hem topara ýeňiş getirdi. Hüjümçi Çempionlar ligasynda “Barselona” üçin gol geçiren ilkinji iňlis oýunçy boldy. “Nýukasl” diňe oýnuň ahyrynda Entoni Gordonyň kömegi bilen bir gol salyp bildi.
“Barselona” Reşfordy “Mançester Ýunaýtedden” şu tomus kärendesine aldy. Şertnamada satyn almak mümkinçiligi-de bar. 27 ýaşly winger Çempionlar ligasynda “Barsa” üçin oýnan taryhda ikinji iňlis boldy. Birinjisi Gari Lineker bolupdy. Ol toparda 1986-njy ýyldan 1989-njy ýyl aralygynda oýnady.
Indiki oýnuny kataloniýalylar 1-nji oktýabrda “PSŽ” bilen geçirer.
Oýun güni diňe “Kopengagen” (Daniýa) bilen Lewerkuzeniň “Baýeri” (Germaniýa) deňme-deň oýnady – 2:2. Galan üç oýun uly ýeňiş bilen tamamlandy. “Brýugge” (Belgiýa) “Monakony” (Fransiýa) 4:1 hasabynda utdy, “Sporting” hem şeýle hasap bilen “Kaýrat” toparyny (Gazagystan) utdy, “Aýntraht” (Germaniýa) bolsa 5:1 hasabynda “Galatasaraýdan” (Türkiýe) üstün çykdy.


düýn 03:30
7.8k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.1k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

30.05.2026 11:32
6.8k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....

30.05.2026 11:26
9.1k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......