Mercedes-Benz üç ýylda 40-dan gowrak täze model çykarmagy meýilleşdirýär

  • 14.09.2025 21:19
  • 5.3k+

Mercedes-Benz Next Level Production atly täze önüm strategiýasyny yglan etdi. Bu strategiýanyň çäklerinde kompaniýa üç ýylyň içinde dünýä bazary üçin 40-dan gowrak täze we täzelenen modelleri çykarmagy meýilleşdirýär.

Ýewropadaky awtoulag öndürijisiniň önümçilik kuwwaty eýýäm önümçiligi artdyrmaklyga uýgunlaşdyryldy.
Täze strategiýanyň ilkinji modeli geljek ýylyň birinji çärýeginde ýygnalmaga başlanjak elektrikli GLC bolar. Ikinji täze önüm C kysymly sedanyň batareýa bilen işleýän görnüşi bolar, jikme-jiklikleri entek mälim edilmedi. Ony ýylyň ikinji çärýeginde çykarmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Hytaý bazary üçin ýörite işlenip düzülen uzaldylan teker bazaly GLC görnüş göz öňünde tutuldy.
Mercedes-Benz Ýewropa ýurtlaryndaky zawodlaryny ösdürmek üçin eýýäm 2 milliard ýewro maýa goýdy. Bremendäki we Keçkemetdäki zawodlar döwrebaplaşdyryldy we Zindelfingendäki zawod eýýäm synagdan geçýän täze Mercedes-AMG elektrik awtoulaglaryny ýygnamak üçin taýýarlanýar. Önümçilik proseslerini sanlylaşdyrmak, emeli aňyň ornaşdyrylmagy we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy önümçilik çykdajylaryny 10% azaltmaly. Şeýle hem awtoulag ýygnamakda gumanoid robotlary ulanmak meýilleşdirilýär.
Kompaniýa GLC we C kysymly modellerden başga-da, ýakyn wagtda çykjak täze önümleriň takyk atlaryny mälim etmeýär. Ozal awgust aýynda bu strategiýanyň içinden otlanýan hereketlendirijisi bolan elektrikli ulaglary we awtoulaglary çykarmagy göz öňünde tutýandygy habar berlipdi, şonda 30 sany täze model barada aýdylypdy.


düýn 12:20
3.4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....